Dragon Oil Türkmenistan bilen täze maýa goýumlaryny we ekologiýa standartlaryny maslahatlaşýar

  • 01.09.2024 19:08
  • 10k+

“Dragon Oil” kompaniýasynyň (BAE) direktorlar Geňeşiniň başlygy Said Mohammed Al Taýer Türkmenistan bilen nebit-gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

WAM emirlikler agentliginiň habar bermegine görä, Al Taýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Amanow hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bilen netijeli duşuşygy geçirdi.
Duşuşyga “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň agzalary we Baş direktror Ali Raşid Al-Jarwan gatnaşdy.
Taraplar “Dragon Oil” bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmek meselelerini hem-de “Çeleken” we “Blok 19” meýdançalarynda uzakmöhletleýin maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Amanow bilelikdäki hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, “Dragon Oil” kompaniýasyny 2024-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar Türkmenistanda çig nebitiň marketingi boýunça täze maksatlary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu bolsa özara bähbidi gazanmak üçin hyzmatdaşlygy we täze mümkinçilikleriň öwrenilmegini ösdürmekde iki tarapyň ygrarlydygyny açyp görkezýär.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

13.03.2026 23:32
6.3k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.5k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...