Mask X sosial ulgamynyň San-Fransiskodaky ştab-kwartirasyny ýapar

  • 01.09.2024 18:28
  • 3.8k+

Ilon Maskyň X kompaniýasy işgärlere Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherindäki ştab-kwartirasynyň anna güni, 13-nji sentýabrda ýapyljakdygyny habar berdi. Muny kompaniýadaky çeşmä salgylanyp, Fortune žurnaly habar berýär diýip, TASS belleýär.

Bir gün öň X işgärlere San-Fransiskodaky ştab-kwartiranyň ýapyljak senesini – 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabryny görkezýän gysgaça habary ýollady. Žurnalyň bellemegine görä, ofis işgärleri kompaniýanyň San-Hosedäki we Palo-Altodaky bölümlerine geçirilmeli. Kompaniýanyň täze ştab-kwartirasynyň nirede ýerleşjekdigi heniz belli däl. Fortune onuň Tehasda açylyp biljekdigini belleýär.
Awgust aýynda The Washington Post gazetiniň habar berşi ýaly, şeýle çözgüt “Twitter” ady X diýlip üýtgedilenden soň, San-Fransiskodaky ofis işgärleriniň bir böleginiň işden çykmagy, galan işgärleriň köpüsiniň bolsa koronawirus pandemiýasy döwründen bäri onlaýn görnüşde işlemegini dowam etdirmegi bilen baglanyşykly bolup biler.


12.06.2026 13:09
9.3k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....