Marvel 85 ýyllygyny baýram edýär we bu mynasybetli täsirli wideo hödürledi

  • 01.09.2024 18:38
  • 6.8k+

Şu ýyl Marvel Comics öz 85 ýyllygyny baýram edýär. Bu waka mynasybetli kompaniýa Marvel äleminiň taryhyna we geljegine bagyşlanan ýörite wideony çykardy.

Wideo wagt taýdan özboluşly bir syýahat bolup, “Möý adam”, “Demir adam” we “Ar alyjylar” ýaly meşhur filmlerden we seriallardan pursatlary hödürleýär. Şeýle-de, geljekki “Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä” (Капитан Америка: Дивный новый мир) we “Gök gürrüldedijiler” (Громовержцы) taslamalaryndan hem kadrlar bar.
Wideo Marvel-iň köp gahrymanlaryny dörediji Sten Li bilen düşürilen arhiw kadrlardan başlaýar. Onuň Marvel-iň taryhy – bu ýagşylyk üçin göreşýän gahrymanlaryň taryhy diýen sözleri bu älemiň esasynda duran gymmatlyklary ýatladýar.
Marvel Comics kompaniýasy 1939-njy ýylda Pulp žurnallarynyň neşirýatçysy Martin Gudmen tarapyndan Timely Comics ady bilen golçur kompaniýalaryň topary hökmünde döredildi. Ilkinji çap edilen iş Marvel Comics #1 (1939-njy ýylyň oktýabry) bolup, onda ilkinji gezek “Ýalyn adam” peýda boldy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......