Aktrisa Sigurni Uiwer Wenesiýa kinofestiwalynda “Altyn ýolbars” aldy

  • 01.09.2024 12:51
  • 3.3k+

Aktrisa Sigurni Uiwer Wenesiýa kinofestiwalynda hormatly “Altyn ýolbars” baýragyny aldy.

Sylaglama dabarasy çäräniň açylyş wagty geçirildi. “Keseki” (“Чужой”) filminiň ýyldyzy baýragy kino sungatynyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin aldy. Ol bu baýraga mynasyp bolan üçünji amerikaly aktrisa boldy.

“Kinematografa goşan goşandym üçin “Altyn ýolbarsy” almak meniň üçin uly hormat. Bu baýrak aýratyn bir zat bolup, ony köp ýyllaryň dowamynda işleşen ähli režissýorlarym we kärdeşlerim bilen paýlaşýaryn. Men bu filmleri durmuşa geçirmäge kömek edenleriň hemmesine minnetdarlygyň nyşany hökmünde bu baýragy uly buýsanç bilen kabul edýärin” – diýip, Uiwer belledi.

Baýragyň gowşurylyş dabarasynda beren interwýusynda aktrisa Ýel uniwersitetinde aktýorlyk ugruny okaýarka, mugallymlaryň oňa zehininiň ýokdugy sebäpli diňe komediýa filmlerinde oýnamalydygyny aýdandyklaryny ýatlady.
Karýerasynyň dowamynda Sigurni Uiwer köp filmlerde we teleşoularda oýnady. Onuň üstünlikli düşen esasy franşizalary “Keseki”, “Awatar” we “Arwah awçylary” (“Охотники за привидениями”) boldy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......