Rahim Sterling “Çelsiden” “Arsenala” geçdi

  • 01.09.2024 12:53
  • 7.2k+

“Arsenal” angliýaly hüjümçi Rahim Sterlingiň Londonyň “Çelsisinden” geçendigini yglan etdi. Oýunçy täze toparda 2024/2025 möwsüminiň ahyryna çenli kärendesine hökmünde çykyş eder.

Öň, Rahim Sterling “Liwerpulda” we “Mançester Sitide” hem oýnady. Geçen möwsüm Sterling ähli ýaryşlarda 43 oýna gatnaşyp, 10 gol geçirdi we sekiz netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Oýunçynyň “Çelsi” bilen häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, oýunçynyň bazar bahasy 35 mln ýewro barabar.
“Arsenal” indiki oýnuny şu gün, 31-nji awgustda öýünde APL-iň çäklerinde “Braýton” bilen geçirer.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......