Mercedes-Benz kaşaň mikroawtobus çykardy: bahasy 276 müň funt sterling

  • 31.08.2024 16:29
  • 27k+

Londonda ýerleşýän Clive Sutton kompaniýasy adaty syýahaty kaşaň syýahata öwürýän täze Mercedes-Benz Sprinter First Class mikroawtobusyny hödürledi diýip, IXBT habar berýär.

276 müň funt sterling bahasy bolan bu awtoulagyň içi hususy uçary ýada salýan deri we agaç materiallary bilen bezelendir. Massaž funksiýasy bolan ýedi sany rahat oturgyç, iki sany 43 dýuýmlyk telewizor, PlayStation 5 we kinoteatr derejesindäki ses ulgamy hakyky VIP salonyň atmosferasyny döredýär.


Şeýle hem Mercedes-Benz Sprinter First Class-da iki sany sowadyjy we Wi-Fi bar. Ähli funksiýalar Crestron interfeýsi arkaly dolandyrylýar. Takmynan, 8 inedördül metr meýdany bolan Sprinter First Class, Range Rover-iň ýa-da Rolls-Royce-yň uzyn görnüşlerinden has köp ýer berýär.


27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....