“Bolliwud” interýerli, 7 orunlyk täze Hyundai Alcazar krossoweri çykdy

  • 31.08.2024 13:37
  • 9.6k+

Hyundai kompaniýasy Creta modeliniň uzaldylan görnüşi bolan täzelenen Alcazar krossowerini görkezdi. Täze modeliň mahabat kampaniýasynda Bolliwudyň ýyldyzy Şah Ruh Han çykyş etdi.

Awtoulag täze Hyundai Santa Fe stilinden ylham alyp, daşky görnüşinde düýpli üýtgeşmeler aldy. Öň tarapky böleginde täzelenen optika, bamper we radiator paneli peýda boldy. Yzky bölegi hem ownuk üýtgeşmeler aldy, tekerleri bolsa 17-18 dýuým ululykda täze dizaýna eýe boldy.

 

Alcazar-yň salony 10,25 dýuýmlyk iki displeýli ekran panelini öz içine alýan häzirki zaman dizaýnyny aldy. Oturgyçlar ulaldylan kellegoýarlar bilen has amatly boldy, ikinji hatarda bolsa simsiz zarýad beriji we howa çalşygy peýda boldy.
Sürüji üçin öňdäki oturgyçlarda pozisiýa ýatly tokly sazlaýjylar göz öňünde tutulypdyr. Beýleki opsiýalardan - panoramly üçegi, goşa zolakly howa gözgçiligini, adaptasiýaly kruiz gözegçiligi we sürüjä kömek ulgamlaryny görkezmek bolar. Hyundai Alcazar 6 we 7 orunlyk wersiýalarda bolup bilýär.

 

 

Hereketlendirijileriň setiri iki sany 1,5 litrlik: 115 at güýji bolan dizelli we kuwwaty 160 at güýji bolan benzinli motory öz içine alýar. Hereketlendirijiler el bilen geçiriş robot geçirişli ýa-da 6 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen jübütlenendir. Krossowerde tigirleri doly hereketlendiriji ýok.
Krossower Hindistanda 9-njy sentýabrda satylyp başlanar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....