Ford geçijiligi gowulandyrylan, täzelenen Bronco Sport 2025 bilen tanyşdyrdy

  • 30.08.2024 18:41
  • 5k+

Ford kompaniýasy 2025-nji model ýylynyň täzelenen Bronco Sport-ny hödürledi. Awtoulag bitekiz ýollarda geçijiligi üpjün etmäge we funksiýalarynyň giňeldilmegine gönükdirilen birnäçe kämilleşmeleri aldy diýip, CarScoops habar berdi.

Esasy täzelik - Outer Banks we Badlands komplektasiýalarynda bar bolan Sasquatch bukjasy. Oňa 29 dýuýmlyk Goodyear Territory All-Terrain tekerleri, polat bamperler, goşmaça gorag we çekiji çeňňekler girýär.
Mundan başga-da, 2025 Bronco Sport modelleriniň ählisi uly ekranlar, giňeldilen ADAS funksiýalar toplumy we adaty doly hereketli tigirleriň üstüni ýetirýän täze Off-Road GOAT režimi bilen gelýär.
Mehaniki taýdan 1,5 litrlik hereketlendijili Bronco Sport Outer Banks Sasquatch goşa ssepleniýaly yzky hereketli tigirleri we yzky differensialyň blokirowkasyny aldy, öň bu diňe 2,0 litrlik Badlands komplektasiýasynda bardy.
Şeýle hem Badlands ýerden beýikligini 10 mm ýokarlandyrýan täze puržinleri aldy, Sasquatch bukjasynyň bolsa yzky asma podweskany ýokarlandyrýan yzky Bilstein amortizatorlary bilen üsti ýetirilen.
Badlands we Sasquatch komplektasiýalarynda indi awtoulagyň bitekiz ýolda işleýşini optimallaşdyrýan täze Rally GOAT sürüş režimi bar.
Ford täzelenen  Bronco Sport 2025 -iň bahasyny mälim etmedi.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....