Hytaýda täze kanun Apple MagSafe simsiz zarýad berijilerini gadagan edýär 

  • 30.08.2024 10:07
  • 6.6k+

1-nji sentýabrdan Hytaýda ýurduň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi tarapyndan kesgitlenen radioýygylyklary dolandyrmagyň täze düzgünleri güýje girýär. Şondan soň Apple kompaniýasynyň MagSafe simsiz zarýad berijileriniň satuwy gadagan ediler diýip, Gagadget habar berýär.

Bu täze düzgünleriň simsiz zarýad beriji gurluşlar üçin bellibir ýygylyklaryň ulanylmagyny çäklendirýändigi bilen baglanyşyklydyr. MagSafe indi Hytaýda gadagan edilen 360 kGs ýygylykda işleýär. Täze düzgünler diňe üç ýygylyk diapazonyny ulanmaga rugsat berýär: 100-148,5 kGs, 6765-6795 kGs we 13553-13567 kGs. Rugsat berilýän iň ýokary geçirijilik kuwwaty bolsa 80 Wt deň.
Indi Apple Hytaý bazary üçin ýa-ha öz gurluşlarynyň işleýiş ýygylygyny üýtgetmeli bolar, ýa-da olaryň ýurtda satylmagyny düýbünden bes etmeli bolar.
Gadaganlyk radioaragatnaşyklarda päsgelçilikleriň öňüni almak we ýaýlymda tertibi saklamak zerurlygy bilen kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde, gadaganlyk güýje girmezden öň satylan önümlere bu täsir etmez.


düýn 08:04
8.3k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......