Hyundai täzelenen dizaýnly Sonata 2025 sedanyny çykardy

  • 29.08.2024 18:05
  • 11k+

Hyundai täzelenen  Sonata 2025 sedanyny hödürledi, ol diňe bir täzeden dizaýn edilmän, eýsem ähli bezeg derejeleriniň bahalaryny hem ýokarlandyrdy.

Esasy Sonata SE wersiýasynyň bahasy indi 27 800 dollardan başlaýar, bu öňki modelinden takmynan 300 dollar gymmat.
Sonata SE-iň kapotynyň aşagynda sekiz tizlikli awtomat usulda işleýän, 191 at güýjüni öndürýän 2,5 litrlik dört silindrli hereketlendirijisi bar. Adaty bezeg derejesine 16 dýuýmlyk garyndy tigirler, LED faralar, goşa zolakly howa gözegçiligi, simsiz we simli Android Auto we Apple CarPlay, 12,3 dýuýmlyk maglumat-güýmenje ekrany we howpsuzlyk ulgamlarynyň doly toplumy girýär.
Şeýle hem, Hyundai täze SEL Convenience bezeg derejesini hödürledi. SEL, N Line we gibrid SEL we Limited ýaly, beýleki wariantlar birnäçe ýüz dollar gymmat. SEL-de ähli tigirini hereketlendiriji bar we sport Sonata N Line bolsa 290 at güýji bolan hereketlendirijini saklap galdy we indi yzky oturgyçlarynda howa geçirijileri bar.
Sonata -nyň gibrid görnüşleri 192 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendirijini we alty tizlikli geçirişi ulanmagy dowam etdirýär.
2025 model setiriniň bahalary:

  • · Sonata SE – 27 800 dollar
  • · Sonata SEL – 28 900 dollar
  • · Sonata SEL Convenience - $ 31 950
  • · Sonata SEL Hybrid – 32 150 dollar
  • · Sonata N Line – 36 400 dollar
  • · Sonata Limited Gibrid – 38 600 dollar

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....