Harri Keýn “Altyn butsy” baýragyny aldy

  • 29.08.2024 09:59
  • 9.4k+

Mýunheniň “Bwariýasynyň” hüjümçisi Harri Keýn geçen möwsümiň jemi boýunça Ýewropa çempionatlarynyň arasynda iň gowy bombardir bolup, “Altyn butsy” baýragyny aldy. Angliýaly oýunçynyň hasabynda Bundesliganyň çäklerinde 36 gol bar.

Ýatlap geçsek, 31 ýaşly Keýn Mýunheniň “Bwariýasyna” 2023-nji ýylyň awgust aýynda Londonyň “Tottenheminden” geçdi. Transferiň bahasy 95 mln ýewro boldy. 2023/2024 möwsüminde hüjümçi ähli ýaryşlarda nemes kluby üçin 45 oýna gatnaşyp, 44 gol we 12 netijeli geçirim bilen tapawutlandy.
Geçen kampaniýanyň jemi boýunça “Bawariýa” ýekeje-de kubok gazanmady. Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Harri Keýn Ýewropa çempionaty – 2024-üň finalyna çykdy. Bu oýunda Ispaniýanyň milli topary ýeňiş gazandy.


düýn 23:57
662

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
7.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

10.06.2026 19:10
6.3k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

10.06.2026 10:53
7.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......