Jon Jons – Stipe Mioçiç söweşi UFC 309-yň esasy wakasy bolar

  • 29.08.2024 10:01
  • 8.2k+

Jon Jons bilen Stipe Mioçiçiň arasyndaky söweş UFC 309 ýaryşynyň esasy wakasy bolar. Bu barada promouşeniň metbugat gullugy habar berýär.

Söweş 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Nýu-Ýorkuň “Medison Skwer Garden” arenasynda geçiriler.
Jons soňky söweşini 2023-nji ýylyň mart aýynda UFC 285 ýaryşynda Siril Gana garşy geçirdi. Birinji raundda saklanan söweşde Jon sabmişn bilen ýeňiş gazanyp, agyr agram derejesinde UFC-niň çempion guşagyny eýeledi. Onuň hasabynda 27 ýeňiş we bir ýeňliş bar.
Mioçiç soňky gezek 2021-nji ýylyň mart aýynda UFC 260-da Frensis Ngannu bilen oktagona çykdy. Söweş ikinji raundda Stipeniň nokaut arkaly ýeňilmegi bilen tamamlandy. Onuň hasabynda 20 ýeňiş we dört ýeňliş bar.


26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......