Nvidia-nyň işgärleriniň aglabasy millioner bolanam bolsalar, kompaniýada işlemeklerini dowam etdirýärler

  • 29.08.2024 02:01
  • 6.8k+

2019-njy ýylda Nvidia-nyň paýnamalary 3,776% ýokarlanaly bäri kompaniýanyň işgärleriniň köpüsi millioner boldy. Girdejileriniň az-küş däldigine garamazdan, olaryň iş günleri dartgynly bolmagynda galýar diýip, Bloomberg habar berýär.

Häzirki we öňki işgärleriň sözlerine görä, kompaniýanyň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Jensen Huang işgärlere gaty berk talap bildirýär. Işgärler, köplenç, hepdede ýedi gün gijä çenli işlemeli bolýarlar, köpüsiniň şahsy işlerini etmek üçin wagtlary galmaýar diýen ýaly. Nvidia-nyň öňki işgäri ýygy-ýygydan ýüze çykýan içerki dawalar we işiň agyrlygy üçin, kompaniýanyň iş gurşawyny "gysyp-gowrujy" diýip häsiýetlendirýär. Muňa garamazdan, işgärleriň köpüsi geljekde has ýokary girdeji gazanmak umydy bilen kompaniýada galýarlar.
Sebäbi paýnamalara bolan hukuk, adatça, dört ýylyň içinde berilýär, bu işgärleri işlemegi dowam etdirmäge höweslendirýär. 2023-nji ýylda Nvidia-nyň işgärleriniň 5,3% -i gitdi. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň maýa goýum derejesi 1 trillion dollardan geçenden soň, bu görkeziji iki esse töweregi kemeldi we 2,7% boldy. Umuman aýdanyňda, ýarymgeçiriji pudagynyň işgärleriniň gelip-gidişi ep-esli ýokary - 17,7%.
Paýnamalaryň bahalarynyň güýçli ýokarlanmagy Nvidia-nyň işgärleriniň beýleki kompaniýalarda ýarymgeçiriji pudagynda işleýän  kärdeşlerinden süýşürintgileriniň has köpdügini aňladýar. Mysal üçin, kompaniýa 11 ýyl ozal gelen, Nvidia-nyň maliýe direktory Kolett Kress takmynan 758,7 million dollarlyk paýnamalara eýelik edýär. Aýlygy has ýokary, ýöne kompaniýada iş möhleti az bolan, Intel-den gelen  kärdeşi Deýw Zinsneriň 3,13 million dollarlyk paýnamasy bar. AMD-yň maliýe direktory, 2023-nji ýylda işe başlan Jin Huwyň 6,43 million dollarlyk paýnamasy bar.
Mundan başga-da, Nvidia öz ýolbaşçylaryna ýokary derejede ynamlydygy  bilen hem tanalýar. Glassdoor-da Jensen Huang 97% reýtinge eýe, bu Alphabet, Apple we Meta Platforms ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylaryndan has ýokarydyr.

düýn 23:59
1.4k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

düýn 13:09
7.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

düýn 12:35
2k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.06.2026 11:08
1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....