Neuralink-iň çip oturdan ikinji ysmaz hassasy pikir güýji bilen Counter-Strike 2 oýnaýar

  • 27.08.2024 14:05
  • 7.6k+

Neuralink bir aý öň implant oturdylan ikinji hassasynyň üstünlikleri barada habar beripdi. Oňurga ýiliginiň şikesi bolan Aleks atly hassa täze enjamy ulanmaga çalt uýgunlaşmagy başardy.

Aleksiň çip kompýutere birikdirilenden soň bäş minudyň içinde pikir güýji bilen kursory dolandyrmagy başarandygy bellenip geçilýär. Ol soňky birnäçe sagadyň dowamynda beýleki kömekçi tehnologiýalaryň arasynda iň gowy tizlik we takyklyk netijelerini görkezip, Webgrid synagyndan üstünlikli geçdi.
Mundan başga-da, Aleks Fusion 360 programmasynda Neuralink zarýad beriji enjamynyň berkidijisiniň 3D modelini döretdi. Soňra bolsa, ol 3D printerde çap edildi.
Şeýle hem, Neuralink Aleksiň çipi wideo oýunlary üçin ulanyp başlandygyny aýtdy. Ol çipiň we Quadstick kontrolleriniň işini utgaşdyryp, Counter-Strike 2-ni oýnamagy öwrendi. Çip oňa bir wagtyň özünde kartada aýlanmaga we nyşana almaga mümkinçilik berýär. Ozal munuň üçin ol agyzda saklanýan ýörite Quadstick kontrollerini ulanmaly bolýardy.
Neuralink gözlegçileri, Aleks bilen işleşmäge dowam edip, neýrointerfeýsiniň ulanylyşyny giňeldýärler.


düýn 20:11
991

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......