Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy ilkinji gezek Gyşky Aziýa oýunlarynyň birinji diwizionynda çykyş eder

  • 26.08.2024 23:07
  • 7.1k+

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 7 ― 14-nji fewraly aralygynda Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriljek IX Gyşky Aziýa oýunlarynyň birinji diwizionynda gatnaşar. Muňa ýygyndynyň 2017-nji ýylda Sapporoda geçirilen Oýunlaryň ikinji ligasynda gazanan ýeňşi mümkinçilik berdi diýip, "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň habar bermegine görä, türkmen ýygyndysy Gyrgyzystan, Tailand we Gonkong bilen bir toparçada ýaryşar. Garşydaşlaryň üçüsiniň hem soňky sekiz ýylda düzümlerini güýçlendirip, tejribe toplandylar.
"Galkan" klubunyň ýakynda Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda ynamyny has-da artdyrdy.
Mundan başga-da, Yslam ýurtlarynda hokkeýi ösdürmek guramasynyň agzasy bolup durýan Türkmenistan 2025-nji ýyl üçin sport çäreleriniň meýilnamasyny aldy. Resminama laýyklykda, Gurama Türkmenistana bilelikde fijital-sporty - hakyky sport ýaryşlarynyň we kompýuter oýunlarynyň utgaşmasyny ösdürmegi teklip edýär. Şeýle hem "üç üçe" 
(3х3) hokkeý formatyny ösdürmek meýilleşdirilýär.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....