Aşgabatda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

  • 26.08.2024 08:03
  • 5.4k+

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Mähri Agaýusupowna Hommetnazarowa;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dutar mugallymy Baýramgeldi Ýazgeldiýewiç Atadurdyýew;
  • Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň saz mugallymçylygy bölüminiň mugallymy Bagtyýar Allaberdiýewiç Täçdurdyýew;
  • Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Jumaguly Nurmyrat ogly Ataýew;
  • Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň mugallymy Gülbahar Allamyradowna Bagşyýewa;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Gurbanmyrat Aşyrmuhammedowiç Hojamgulyýew;
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Sahydursun Aýdogdyýewna Mätiýewa;
  • Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutarçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Dawut Tutmyradowiç Gulbaýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Dünýägözel Berdibaýewna Gutlyýewa;
  • çagyryş boýunça harby gullukçy Bezirgen Merdan ogly Kakaýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Akjemal Aganyýaz gyzy Halmyradowa;
  • Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Mergen Arslangulyýewiç Asdanow;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kerim Täçmuradowiç Pirnepesow;
  • Mary welaýatynyň Mary etrap medeniýet bölüminiň Diýar geňeşligindäki Kelteler oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Söhbet Tirkişowiç Çopanow.

03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......