Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

  • 25.08.2024 00:11
  • 12k+

24-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.

Maslahatda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary we dürli derejeli wekilleri çykyş etdiler.
2023-2024-nji okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi we onuň ähli derejeleriniň yzygiderliligi üpjün edildi diýip, çykyş edenler aýtdylar.
Mundan başga-da, çykyşlarda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň aýrylmaz bir bölegi bolan mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary tarapyndan çagalaryň we ýetginjekleriň ukyplaryny, zehinlerini we ruhy talaplaryny kanagatlandyrmak, olaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklaryny guramak, dürli hünärlere ugrukdyrmak we hünäri oýlanyşykly saýlap bilmeklerini guramak arkaly goşmaça bilim berilýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, tebigy-ylmy we ekologiýa, tehnologiýalar binýatly ylmy-tehniki, dil, medeni miras we milli senetçilik, etika-estetika, çeper döredijilik we durmuş, medeni-guramaçylyk, bedenterbiýe we sport ugurly gurnaklarda çagalaryň orta mekdeplerde alan bilimlerini has-da çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi nygtaldy.
Çykyşlaryň dowamynda halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak ugrunda alnyp barlan işler barada hem durlup geçildi.


08.06.2026 23:01
2.4k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
3.9k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......