Microsoft resmi taýdan "Windows dolandyryş panelinden" ýüz öwürýär

  • 24.08.2024 15:55
  • 2.4k+

Microsoft kompaniýasy ýakyn wagtda “Windows dolandyryş panelinden” (Windows Control Panel) aýrylmagy meýilleşdirýändigini tassyklady. “Dolandyryş panelinden” ýüz öwrüljekdigi baradaky ilkinji myş-myşlar 2011-nji ýylda Windows 8-iň çykmagy bilen peýda bolanam bolsa, ol şu wagta çenli ulanylyp gelinýärdi. Indi Microsoft öz web sahypasynda geljekde Windows-daky “Dolandyryş panelini” aýyrjakdygy baradaky habaryny ilkinji gezek çap etdi.

Microsoft-yň goldaw bölüminde aýdyşy ýaly, indi has döwrebap we tertipli interfeýs hödürleýän “Sazlamalar” programmasynyň peýdasyna “Dolandyryş panelini” ýuwaş-ýuwaş aýyrýar.
Microsoft-da düşündirişlerine görä, “Dolandyryş paneli” häzir utgaşyklyk nukdaýnazaryndan we entek geçirilmedik käbir sazlamalara girmek üçin saklanýar. Şeýle-de bolsa, işläp taýýarlaýjylar mümkin boldugyça “Sazlamalar” programmasyny ulanmagy maslahat berýärler.


23.02.2026 13:14
1.3k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
890

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...