Sceye stratosfera dirižably ilkinji günlük uçuşyny 18,5 müň metr belentlikde amala aşyrdy

  • 24.08.2024 15:49
  • 10k+

Amerikanyň Sceye kompaniýasy özüniň stratosfera dirižablynyň günlük synaglaryny üstünlikli tamamlady. 15-nji awgustda 24 sagatlyk uçuşy wagtynda apparat 18,5 müň metr belentlikde batareýalaryna gündizine çeýe Gün panelleri arkaly zarýad bermek, soň bolsa toplanan energiýany gijeki uçuş üçin ulanmaga  ukyplydygyny görkezdi diýip, New Atlas ýazýar.

Sceye dirižably siwilizasiýadan uzakdaky jemgyýetlere giň zolakly interneti bermek, howa we daşky gurşawa gözegçilik etmek, ýangyn we beýleki tebigy betbagtçylyklary yzarlamak ýaly dürli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Apparat birnäçe aýlap howada galyp biler.
Şu güne çenli Sceye dirižably 20 sany synag uçuşyny amala aşyrdy. 2024-nji ýylyň ahyrynda ýene iki uçuş meýilleşdirilýär. Olar şowly bolsa, kompaniýa 2025-nji ýylda dirižabllary täjirçilik maksatly ulanmaga başlamagy meýilleşdirýär.

düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......