Todd Filips “Jokeriň” üçünji bölümini surata düşürmegi meýilleşdirmeýär

  • 23.08.2024 15:14
  • 5.9k+

Režissýor Todd Filips “Joker” trilleriniň üçünji bölüminiň meýilleşdirilmeýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ilkinji iki filmiň sýužeti wakany doly tamamlaýar, şol sebäpli mundan beýläkki ösüş göz öňünde tutulmaýar.

“Bu iki film surata düşürilende islendik zadyňy etmek, bellibir manysynda gumsagadynda oýnamak gyzykly boldy, ýöne biz aýtmak islän zadymyzy aýtdyk öýdýärin” – diýip, Filips “Variety” žurnaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şeýle-de, Filips Hoakin Feniks bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändigini, ýöne başga bir žanrdadygyny aýtdy.

“Hoakin bilen işleşmegi uly höwes bilen dowam etdirerdim, ýöne komediýada, sebäbi ol şeýle erkana we wäşi bolup bilýär. Meniň pikirimçe, adamlar häzir komediýa tomaşa etmek isleýärler. “Joker 2-niň” treýleri “Häzir dünýä gerek zat, bu söýgi” diýmek bilen jemleýär diýseňem bolar. Ýöne men mundan beýläk hem giderdim: bize hezil edip gülmek hem artykmaçlyk etmezdi” diýip, režissýor belledi.

“Joker: iki adamlyk telbelik” ady bilen asyl filmiň dowamy 2024-nji ýylyň oktýabrynda çykar. Film Wenesiýa kinofestiwalynda hödürlener. Birinji “Joker” 2019-njy ýylda çykdy we prokatda bir milliard dollardan gowrak girdeji ýygnap, şol wagt R reýtingli iň girdejili film boldy. 


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......