Nemes sazandasy toplan bas gitaralarynyň sany boýunça rekord goýdy:  854 sany saz guraly

  • 23.08.2024 14:58
  • 4.6k+

Nemes sazandasy we kolleksioneri Uli Zalm dünýäde iň uly gitaralar  kolleksiýasyny toplandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň kolleksiýasynda Fender, Gibson we Washburn ýaly meşhur brendleriň 854 saz guraly bar diýip, baýragyň web sahypasynda aýdylýar.

Kolleksiýadaky ilkinji gitara 1963-nji ýylda, ene-atasy 14 ýaşly Zalma Fender Precision-yň gitarasyny sowgat berenlerinde peýda bolýar.

"Olar öz-özünden köpelip barýarlar, bir ýerde çagalap çykýan çeşmesi bolmaly" -diýip sazanda degişýär.

Indi 76 ýaşly sazandanyň kolleksiýasynda, hatda 1953-nji ýylyň Fender Precision-y we 196-nji ýylyň Fender Jazz-y ýaly seýrek nusgalar hem bar. Gitaralaryň käbiri Gamburgdaky Salma restoranynda sergilenýär, beýlekileri temperaturasyna  gözegçilik edilýän ýörite otagda saklanýar. Saz gurallary rokuň ady  rowaýata öwrülen wekilleriniň ünsüni birnäçe gezek özüne çekdi. Kolleksiýany görmäge AC / DC, Aerosmith, Freddi Merkýuri, Elton Jon, Bon Jovi we başgalar geldiler.
Uli Zalmyň özi Leinemann, Rudolf Rok & Die Schocker we The Wonderbeats toparlary bilen işjeň çykyş etdi, şeýle-de, Çak Berri, Jerri Li Lýuis we Bill Heýl ýaly meşhur sazandalar bilen hyzmatdaşlyk etdi. Bir döwür Jon Lennon bilen soňra täze düzüminde The Beatles-e öwrülen The Quarrymen toparynda saz çaldy.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....