Arkadag şäherinde geçen okuw ýylynyň netijeleri we täze okuw ýylynyň esasy wezipeleri maslahatlaşyldy

  • 23.08.2024 06:43
  • 11k+

20-nji awgustda Arkadag şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 3-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde geçirilen maslahatda mugallymlar geçen okuw ýylynyň netijelerini we ýetip gelýän 2024-2025-nji okuw ýylynyň esasy wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmakda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşdylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň ösüşiniň esasy hökmünde bilimiň baş ornuny bellediler, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikleri we öňde boljak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Her ýyl bilim pudagynyň maddy we tehniki binýady berkidilýär, iň gowy dünýä tejribesi öwrenilýär we durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylmy merkezleri bilen gatnaşyklar ösdürilýär. Bilim pudagynyň hünärmenleriniň wezipeleri diňe bir häzirki zaman bilimlerini öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, giň dünýägaraýyşly we bilimlere belet zähmetsöýer, watançy, maksada okgunly ýaş nesli terbiýelemekdir.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......