Britaniýaly lyžaçy Gimalaýda 5716 metr beýiklikde täze rekord goýdy

  • 22.08.2024 19:59
  • 9k+

Britaniýaly lyžaçy Joşua Bregmen beýik daglarda lyža beýsjampingi boýunça täze dünýä rekordynyň eýesi boldy. 34 ýaşly Bregmen beýikligi 5716 metr bolan Gimalaýdaky Mera-Pik depesinde gaýadan lyžaly aşak inip, paraşýutda üstünlikli ýere gondy diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda aýdylýar.

Rekord fransiýaly türgen Mattias Žiro tarapyndan 2019-njy ýylda 4359 metr beýiklikde goýlan öňki rekorddan ep-esli ýokarydyr.
Rekord gazanmak üçin Bregmen we onuň topary taýýarlyga, şol sanda ýoluň ugruny daşlardan arassalamak üçin iki hepde sarp etdiler.

“Arzuw birnäçe owadan S şekilli öwrümleri etmek we gaýadan ynamly aşak düşmekdi, ýöne bizde diňe 6000 metr töweregi beýiklikde ýönekeý daşly uçuş-gonuş zolagy bardy” – diýip, ol gürrüň berdi.

Bu synanyşyk ilkibaşdaky ýerdäki ýaramaz şertler sebäpli tas başa barmaýardy, ýöne topar tiz wagtdan has amatly eňňidi tapdy.
Rekord doly derejede Bregmeniň özi tarapyndan maliýeleşdirildi. Onuň aýtmagyna görä, ol tehniki enjamlary dostlaryndan aldy, köne lyžalary ulandy we “arzan” eşik geýdi. Onuň synanyşygynyň esasy maksady haýyr-sahawat üçin serişdeleri ýygnamakdy.


düýn 14:15
6.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.7k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....