Manuel Noýer Germaniýanyň milli ýygyndysynda karýerasyny tamamlady

  • 22.08.2024 20:03
  • 6.1k+

“Bawariýanyň” 38 ýaşly derwezebany Manuel Noýer milli toparda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada “Wedomosti” neşiri habar berýär.

“Bu gün haçan hem bolsa gelmelidi. Şu gün meniň Germaniýanyň ýygyndysyndaky karýeram tamamlanýar. Bu çözgüt maňa aňsat bolmady. Men 15 ýyldan gowrak wagt ozal BAE garşy oýunda ilkinji gezek çykyş etdim. Biziň uçuşymyz we pese gaçyşymyz köp boldy, ýöne 2014-nji ýylda dünýä çempionatyndaky ýeňiş esasy waka bolmagynda galýar. Men ýedi ýyl kapitan bolandygyma buýsanýaryn we bu mümkinçilik üçin minnetdar. Karýerany tamamlamak şikesden soň dikelmegiň we Ýewro-2024-e gatnaşmagyň netijesinde mümkin boldy. Germaniýanyň futbol birleşigine, derwezeban tälimçilerine, topardaşlara we janköýerlere goldawlary üçin minnetdar. Men Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini geýendigime şat” – diýip, derwezeban aýtdy.

Noýer milli topar üçin 2009-njy ýyldan bäri çykyş etdi, onuň düzüminde 2014-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Şeýle-de, ol derwezebanlaryň arasynda Germaniýanyň milli ýygyndysy üçin geçirilen oýunlaryň sany boýunça rekord eýesidir (124).
Bellenilişi ýaly, indi Mark-Andre Ter Ştegen uly ýaryşlarda Germaniýanyň milli ýygyndysy üçin ilkinji gezek oýnap biler. DÇ-2026-a çenli “Barselonanyň” derwezebany 34 ýaşynda bolar.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......