Daniýada bir talyp wikingler döwrüniň özboluşly kümüş bezeglerini tapdy

  • 22.08.2024 13:28
  • 7.1k+

Daniýanyň ululygy boýunça ikinji şäheri Orhusyň demirgazygynda 22 ýaşly talyp-arheolog wikingler eýýamynyň ýedi sany ele dakylýan kümüş halkasyny tapdy. Tapyndylar wikingleriň taryhy ýerlerinde metal gözleýji guralyň we piliň kömegi bilen ýüze çykaryldy diýip, Moesgaard Museum-yň metbugat gullugyna salgylanyp, ABC News habar berýär.

Hünärmenler halkalary biziň eýýamymyzyň, takmynan, 800-nji ýyllaryna degişli hasaplaýarlar, bu bolsa 793-nji ýyldan 1066-njy ýyla çenli dowam eden wikingler eýýamynyň irki döwrüne gabat gelýär.
Taryhçylaryň anyklamagyna görä, bilezikleriň biri häzirki Russiýanyň we Ukrainanyň çäklerinde ýaşan wikingleriň bezeglerinden ylham alnyp ýasalypdyr. Üç halka Günorta Skandinawiýa stilinde ýerine ýetirilipdir, galanlary bolsa Angliýada ýasalypdyr.
Tapyndylaryň umumy agramy 500 gramdan geçýär. Muzeý wikingler döwründe kümşüň onuň eýesiniň kaşaňlygyny we baýlygyny alamatlandyrandygyny belleýär.


düýn 14:53
7.6k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

17.05.2026 10:36
4.7k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....

22.03.2026 16:24
8.8k+

Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi...

06.01.2026 14:41
9.1k+

Daniýanyň kenarynda orta asyrlara degişli iň uly söwda gämisi tapyldy

Kopengageniň golaýynda takmynan 600 ýyl ozal gark bolan gämi tapyldy. Deňiz arheologlarynyň pikiriçe, bu häzirki güne çenli tapylan iň uly klinker (tagtalary üst-üste goýlan) gurluşly gämidir. "Svælget 2" diýlip atlandyrylýan bu gämi Eresunn bogazynda, 13 metr çuňlukda ýüze çykaryldy...