Türkmenistanda ýöriteleşdirilen mekdepler üçin biologiýa boýunça täze okuw kitaby çykaryldy

  • 22.08.2024 11:50
  • 7.8k+

Türkmenistanda Türkmenistanda dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň alty synp okuwçylary üçin biologiýa dersi boýunça täze okuw kitabynyň synag nusgasy çap edildi. Okuw kitaby ösümlikler dünýäsine bagyşlanýar we hepdede üç sagada niýetlenendir. Bu bolsa adaty mekdeplerdäkiden bir sagat köpdür diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Okuw kitabynda öňki neşirlerden gaýtadan işlenen maglumatlar ýerleşdirilendir, şeýle hem olaryň üsti fotosuratlar we şekiller bilen ýetirilen. Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen dilinde çap edildi.
Belläp geçsek, 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda ýurdumyzda biologiýa dersi boýunça dürli synplar we bilim edaralary üçin birnäçe okuw kitaplary çap edildi.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......