Türkmenistanda etrap, şäher we welaýat derejesinde pedagoglaryň maslahatlary geçirildi

  • 22.08.2024 11:19
  • 8.6k+

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatlary geçirildi. Olarda bilim özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Şeýlelikde, 12 — 17-nji awgustda etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary, 19-njy awgustda etrap (şäher) maslahatlary, 20-nji awgustda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirliklerinde maslahatlar guraldy. Olarda bilim işgärleriniň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekdäki wezipeleri, geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler hem-de täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işler barada pikir alşylyp, olary durmuşa geçirmegiň netijeli çözgütleri beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we täze gözýetimleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek, innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler hakynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuw maksatnamalary, okuw kitaplary we gollanmalary kämilleşdirildi. Olaryň mazmunyna zerur bolan goşmaça maglumatlar girizildi. Täze kitaplar neşir edildi.
Awgust maslahatlarynda Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramagyň usullarydyr bu ugurdaky çäreler hem maslahatlaşyldy.


19.06.2026 18:41
3.4k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.4k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......