Saud Arabystany Neom şäheri üçin “uçýan elektrik gämileriň” uly toplumyny sargyt etdi

  • 21.08.2024 10:30
  • 10k+

Saud Arabystany Neom megapolisiniň taslamasynda ulanmak üçin Candela P-12 elektrik gämileriniň iň uly toplumyny sargyt etdi.

Suwasty ganatlary bolan sekiz sany şwed gämisi ýolagçylary 25 uzele çenli tizlik bilen gatnatmaga mümkinçilik berip, suwda tiz we ekologiýa taýdan arassa hereketi üpjün edýär.
Nol zyňyndy bilen suw ulagy üçin işlenip taýýarlanylan Candela P-12 korpusy suwuň üstünden ýokary götermäge mümkinçilik berýän kompýuter bilen dolandyrylýan suwasty ganatlar bilen özboluşly gurluşa eýedir. Bu batareýalara has köp işlemäge mümkinçilik berip, gämileriň hereketiniň uzak menzilini we tizligini üpjün edýär. Gämi 31 ýolagçyny sygdyrýar we bahasy, takmynan, 2,5 mln ýewro deňdir.
Bu öň dynç alyş üçin tiz hereket edýän katerleriň önümçiligine ýöriteleşen Candela kompaniýasynyň taryhynda iň uly söwda sargydydyr. Gämileriň müşderä geljek ýyl iberilmegine garaşylýar, şondan soň olar Saud Arabystanynyň çölde ekologiýa taýdan durnukly megapolisi döretmek boýunça uly taslamasy bolan Neom-da ulanylyp başlanar.


düýn 19:49
2.2k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

22.04.2026 15:42
10k+

Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi

Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy......

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9.1k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...