Indiana Jonsuň şlýapasy auksionda 630 müň dollara satyldy

  • 21.08.2024 09:56
  • 6.5k+

“Indiana Jons we ykbal ybadathanasy” (“Индиана Джонс и храм судьбы”, 1984) filminde aktýor Harrison Forduň geýen fetr şlýapasy Los-Anjelesdäki auksionda 630 000 dollara satyldy diýip, BBC habar berýär.

Franşizanyň ikinji böleginiň surata düşürilişi üçin ýörite taýýarlanan goňur başgap Jonsuň hytaý mafiýasyndan gaçyp, uçardan bökýän we çişirilen salda derýa gaçýan meşhur sahnasynda ulanyldy.
Şlýapa filmiň surata düşürilişinde ulanylmakdan başga-da, Jorj Lukasyň wizual effektler studiýasynda goşmaça surata düşürişler wagtynda hem ulanyldy.
Şlýapanyň satylan auksionynda “Ýyldyzlar urşy” (“Звездные войны”), “Garri Potter” we “Jeýms Bond” ýaly beýleki meşhur franşizalarda geýlen eşikleri hem bar.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......