Täze Toyota RAV4 baradaky jikme-jiklikleri mälim boldy

  • 21.08.2024 01:01
  • 7.6k+

2-nji sentýabrda geçirmek meýilleşdirilýän ilkinji resmi görkezilişden birnäçe gün öň, täzelenen Toyota RAV4 2024-iň dizaýny we häsiýetnamalary baradaky maglumatlar syzdyrylyp, tora ýaýrady diýip, speedme.ru neşiri ýazýar.

Modeliň daşky görnüşine birnäçe üýtgeşiklikler, şol sanda täze radiator gözenegi, bamperleriň gorag plastinalary, täzelenen teker arkalary we gapylaryna bezeg elementleri goşular diýip garaşylýar.
Salonynda material bölekleri we reňk çözgütleri üýtgär, şeýle hem agaç pisint bezeg peýda bolar. Düwmeleriň töweregindäki plastmassa bölekleri “gara pianino” stilindäki bezeg bilen çalşylar.
Tizligi geçiriji enjamyň töweregindäki plastmassa has ýokary hilli material bilen çalşyrylar we merkezdäki tirseklige ýumşak material goýlar. Oturgyçlaryň ýüzüne  hakyky deriniň ýerine sintetiki örtük çekiler.
Bu model 2,0 litrlik atmosfera hereketlendirijisi, şeýle hem 2,5 litrlik hereketlendirijili gibrid geçiriji bilen üpjün ediler.


düýn 19:49
2.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
7.9k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....