Aşgabatda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam edýär

  • 20.08.2024 14:24
  • 3.3k+

Düýn Aşgabatda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy bilen bilelikde gurady.

 

Kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň ýanyndaky giň açyk meýdançada guralan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem bar.

 

Dört günläp dowam edýän forumda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary tematiki ugurly dürli görnüşli önümleriň köp sanlysyny özünde jemleýän diwarlyklar bilen tanşyp bilerler. Şunda sergä gelýänleri diňe bir bu ýerde görkezilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşi däl-de, eýsem, olaryň täze doglandan başlap, dürli ýaşdaky çagalara niýetlenendigi hem özüne çekýär. Täze doglan çagalar üçin harytlaryň uly toplumy — geýimler, gap-gaçlar, bäbejikleri iýmitlendirmek üçin ýokumly iýmit garyndylary, arassaçylyk serişdeleri we beýleki önümler, ilkinji nobatda, ýaş ene-atalarda uly gyzyklanma döretdi. Olar ýurdumyzyň, dünýäniň belli önüm öndürijileriniň iň gowy, iň täze harytlary bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar.

Sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň arasynda «Göreldeli», «Iş nokady», «Gujurly» «Netijeli binýat» ýaly ýurdumyzyň belli bilim merkezleri ýörite işlenip taýýarlanylan maksatnama boýunça giň ugurly bilim hyzmatlaryny ilata hödürleýärler. Gözden geçirilişiň çäklerinde çagalar harytlary we hyzmatlar pudagyndaky täzeçil önümlerdir tehnologiýalara uly ähmiýet berildi. Bu ugurda ýöriteleşen meşhur kompaniýalaryň täzeçil işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşlary göz öňünde tutuldy. Munuň özi bu ulgamdaky täzelikler bilen tanyşmaga, özara tejribe alyşmaga şert döreder.

Sergi-ýarmarkanyň jemleýji gününde çagalaryň çeken suratlarynyň we elde ýasan oýunjaklarynyň bäsleşikli söwdasynyň geçirilmegine garaşylýar.
Merkezi Aziýa sebitinde şu ugra ýöriteleşen bu iň iri sergi ösüp gelýän ýaş nesle niýetlenen önümleriň köp sanly görnüşleri bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Ol ýurdumyzyň döwlet, hususy düzümleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, çagalar harytlary senagatynda iň täze işläp taýýarlamalary ulanmakda tejribeleri işjeň alyşmak üçinem amatly meýdançadyr.
Sergi öz işini 22-nji awgustda tamamlar. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara degişli diplomlar gowşurylar.

 


şu gün 10:07
14

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

düýn 20:16
1.5k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

düýn 16:07
4.4k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

düýn 14:40
1.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....