McMurtry Spéirling elektrogiperkary iki dünýä rekordyny goýdy

  • 19.08.2024 00:33
  • 5.6k+

McMurtry Spéirling elektrogiperkary Kaliforniýanyň Montereý şäherindäki meşhur Laguna Seca ýolunda iki dünýä rekordyny goýdy. Her ýyl geçirilýän Reverse Corkscrew Hillclimb ýaryşynda oňa gatnaşyjy Maks Çilton birbada ýokary galşy we 18 gradus burç bilen öwrümleri öz içine alýan çylşyrymly ýoldan üstün geldi. Bu barada Hi-Tech Mail.ru habar berýär. 

McMurtry ýoluň uzyn bölegini 28,6 sekuntda geçip, 34,69 sekunt bolan öňki rekordy täzeledi.
Ýoluň gysga böleginde Çilton ýaryşy 21,9 sekuntda tamamlap, ýene bir rekord goýdy, bu öňki üstünlikden 7 sekunt tizdir.
1013 at güýji bilen üpjün edilen, 1,5 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyryp bilýän bu tapgyrlaýyn elektrokar satyn almak üçin 820 müň funt sterling bahadan elýeterlidir. Ýöne tiraž 100 nusga bilen çäklendirilen we ony umumy ýollarda ulanmak, elbetde, gadagan.


30.01.2026 18:50
5.2k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.3k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...

23.01.2026 15:51
2.2k+

Xiaomi SU7 Max 24 sagatda 4 264 km geçdi: bu önümçilik elektrokarlary üçin täze rekord

Xiaomi Auto kompaniýasy önümçilik elektromobilleri üçin täze rekord goýdy. Onuň döwrebaplaşdyrylan SU7 Max sedany 24 sagatda diňe zarýad almak üçin saklanyp, 4 264 km ýol geçdi. Ozal önümçilik elektromobilleriniň arasynda rekord geçen ýylyň tomsunda bir günde 3 961 km geçen Xpeng P7 liftbegine degişlidi...

21.01.2026 10:55
2.1k+

Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi

Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi...