Beýik Hytaý diwarynda eltip bermek hyzmaty we kömek üçin dron ulanylyp başlandy

  • 19.08.2024 00:45
  • 7.2k+

Ýansin sebitinde Beýik Hytaý diwarynyň Badalin böleginde harytlary eltip bermek hyzmaty we gyssagly kömek üçin uçarmansyz uçýan enjamlar ulanylyp başlandy. Bu barada “Ženmin žibao” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

Meituan drones kompaniýasy taryhy desgada syýahatçylara hyzmaty ýokarlandyrmak we howpsuzlygy üpjün etmek üçin Pekinde ilkinji dron ýoluny açdy. Dronlary dolandyryş punkty 2023-nji ýylda baryp görmek üçin açylan gadymy binalaryň birinde ýerleşýär.
Dronlar sowuk içgileri eltip bermegi üpjün edip, halas ediş işleri üçin ulanylyp bilner.
Beýik Hytaý diwarynyň taryhy keşbini gorap saklamak üçin täze syýahatçylyk böleginde söwda nokatlary ýok, bu hem dronlaryň ulanylmagyny has ähmiýetli edýär. Syýahatçylar gerekli harytlary mobil goşundysy arkaly sargyt edip, ony bary-ýogy birnäçe minutyň içinde alyp bilerler.


11.06.2026 14:01
7.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......