Britaniýada harytlary dronlar bilen eltip bermek hyzmatyna rugsat berildi

  • 17.08.2024 18:48
  • 8.8k+

15-nji awgustda Britaniýanyň Raýat awiasiýasy edarasy kompaniýalara, şol sanda Amazon-a uçarmansyz uçýan enjamlaryň kömegi bilen harytlary eltip bermek hyzmatyny synagdan geçirmäge rugsat berdi. Häzire çenli kompaniýalar dronlary diňe operatoryň görüş çäginde ulanyp bilýärdiler, ýöne indi bu çäklendirme ýatyryldy diýip, “Kommersant” neşiri belleýär.

Amazon ýylyň ahyryna çenli Beýik Britaniýada dronlar bilen eltip bermek hyzmatyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Şeýle tehnologiýalar eýýäm ABŞ-da kompaniýa tarapyndan ulanylýar. Maý aýynda Amazon harytlary has uzak aralyklara eltip bermegiň bu usuly üçin ygtyýarnama aldy.
Kompaniýanyň täze dronlary 2 kg çenli agyrlykdaky ýükleri daşap bilerler, bu logistikanyň ösüşinde möhüm tapgyr bolar. Beýik Britaniýadan başga-da, Amazon dronlar bilen eltip bermek hyzmatyny Italiýada ýola goýmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin hem Ýewropada, hem Beýik Britaniýada ulanyljak täze MK30 drony işlenip taýýarlanýar.
Eltip bermegiň täze usulynyň kanunylaşdyrylmagy bazary has çalt we ekologiýa taýdan netijeli edip biler. McKinsey konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl dünýäde dronlaryň ulanylmagy bilen bir milliondan gowrak eltip bermek hyzmaty amala aşyryldy.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......