Türkmen boksçulary Gazagystanda halkara ýaryşda 6 medal gazandylar

  • 16.08.2024 16:18
  • 16k+

Gazagystanyň Aktau şäherinde SSSR-iň sport ussady Bokenbaý Saktaganowyň hatyrasyna bagyşlanyp geçirilen boks boýunça halkara ýaryşynda türkmen boksçulary dürli derejeli medallaryň altysyny gazandylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

«Dosan batyr» sport toplumynda geçirilen ýaryşlara 12 topardan türgenleriň 138-sini gatnaşdy. Şol toparlar Türkmenistana, Täjigistana, Özbegistana, Garagalpagystan Respublikasyna hem-de Gazagystanyň dürli şäherlerine wekilçilik etdiler.
Türkmenistanyň toparynda 9 boksçy çykyş etdi, şolaryň altysy 1 altyn, 1 kümüş hem-de dört bürünç medal eýelediler.

  • Altyn medal Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Jeýhun Döwranow 54-kg-a çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Şeýle hem ol «Ýaryşyň tehniki taýdan iň ökde boksçusy» diýen ýörite baýraga-da mynasyp boldy;
  • Kümüş medal - Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Meýlis Şadurdyýew (57 kg. çenli);
  • Bürünç medal - Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hangeldi Lukmanow (48 kg. çenli), Aşgabat şäherindäki 82-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mekan Sabyrow (60 kg. çenli), Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Annageldi Jumamyradow (63,5 kg. çenli) we Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 57-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Atageldi Seýidow (67 kg. çenli).

Ýaryşda türkmen boksçulary Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň uly tälimçisi Maksud Şeripowyň hem-de milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Tenilbek Jumakulowyň ýolbaşçylygynda çykyş etdiler, türkmen eminler toparyna bolsa, emin Timur Halilow wekilçilik etdi. 
Gazagystandaky ýaryş ýetginjek boksçular üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde 27-nji awgustda ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda badalga alýan Aziýa çempionatynyň öňýanynda güýçlerini barlamaga gowy mümkinçilik boldy. Bu ýaryş 10-njy sentýabra çenli dowam eder.


22.06.2026 22:55
5.4k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

22.06.2026 17:52
4.9k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......