Türkiýe syýahatçylara ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermegi bes eder

  • 16.08.2024 12:31
  • 30k+

Türkiýe ýurda syýahatçylyk maksatlary bilen gelýän daşary ýurtlulara ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermegi bes eder. Bu barada içeri işler ministri Ali Ýerlikaý “Sabah” gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ministr 95 ýurduň raýatlarynyň Türkiýede wizasyz alty aýa çenli galyp bilýändigini belledi. Ýöne syýahatçylyk maksady bilen gelen adamlar ýaşamak üçin ygtyýarnamany almaga dalaş edip bilmezler.

“Eger siz syýahatçy hökmünde gelseňiz, “Men çopan bolup işlemek isleýärin” diýip bilmeýärsiňiz. Watanyňyza gidiň, ol ýerde iş ygtyýarnamasyny almak üçin arza tabşyryň. Biz oňa iş tertibinde gararys. Öz maksatlaryňyz barada beýan ediň, biz şoňa görä size ýaşamak üçin ygtyýarnama bereris” – diýip, ministr aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ýaşamak üçin ygtyýarnama almak prosesi ýönekeýleşdiriler. Ony notariusda almak bolar, talyplar bolsa ýaşamak üçin ygtyýarnamany uniwersitetlerde resmileşdirip bilerler.
Şeýle-de, Ýerlikaý ýurda gelýän ähli daşary ýurtlular üçin hökmany daktiloskopiýany girizmek ýaly täze çäreleri yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, barmak yzlary “geljekde” alnyp başlanar, bu häzir Beýik Britaniýa we ABŞ-a girilende ulanylýar.
Bu üýtgeşmeler Türkiýede ýaşamak üçin ygtyýarnama almak isleýän daşary ýurtlularyň sanynyň artýan döwründe bolup geçýär. Ministriň aýtmagyna görä, Türkiýede 4,4 million daşary ýurtly hasaba alyndy.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda türk häkimiýetleri gozgalmaýan emläk satyn alnandan soň ýaşamak üçin ygtyýarnama almak talaplaryny berkitdiler. Resminamalary resmileşdirmek üçin ýaşaýyş jaýynyň iň pes bahasy 200 müň dollara çenli ýokarlandy. Öň, ol kiçi şäherler üçin 50 müň, megapolisler üçin 75 müň dollardy.  


17.06.2026 23:58
2.5k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.9k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......