Dünýäde iň ýaş aýdymçy: 2 ýaşly ýaponiýaly gyzjagaz albom çykaryp, rekord goýdy

  • 16.08.2024 10:34
  • 10k+

Ýaponiýadan Jalimpa ady bilen çykyş edýän iki ýaşly Linn Takei aýdym-saz albomyny çykaran dünýäde iň ýaş aýdymçy boldy. Ol 2 ýyl 358 gün ýaşynda Nonsense makes Sense albomyny çykardy, bu albom dünýäniň birnäçe aýdym-saz platformalarynda elýeterlidir. Bu üstünlik hem oňa Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge mümkinçilik berdi.

Albomyň ähli kompozisiýalary gyzjagazyň ene-atasy tarapyndan “adamzadyň toparlaýyn aňsyzlygy” hökmünde häsiýetlendirilen “kosmiki dilde” ýerine ýetirilendir. Gyzjagazyň iň gowy görýän aýdymy “Dali Dali don don” diýlip atlandyrylýar.
Jalimpa alty aýda, heniz dil we aýdym-saz konsepsiýasyna düşünmänkä aýdym aýdyp başlady.
Gyzjagaz Seto-Naýkaý milli seýilgähiniň çäklerinde suratkeşler maşgalasynda önüp-ösdi. Onuň ene-atasy gyzynyň aýdym-saz zehinini görüp, onuň üçin saz ýazmaga başladylar we olardan albom düzdüler. Olar Jalimpanyň aýdym-saz ösüşini goldaýandyklaryny, ýöne onuň saýlamak erkinligini çäklendirmeýändiklerini bellediler.

“Diňe syn ediň we çagalara isleýän zadyny etmäge mümkinçilik beriň. Hemme çaganyň zehini bar, goý, ol daşyna çyksyn” – diýip, ýaş aýdymçynyň ene-atasy maslahat berýär.


şu gün 09:29
2.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....