Ançelotti we Modriç titul sany boýunça Madridiň “Realynyň” rekord eýeleri boldular

  • 16.08.2024 00:03
  • 7.5k+

14-nji awgustda Warşawadaky “Narodowy” stadionynda geçirilen UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda Madridiň “Realy” “Atalantany” 2:0 hasabynda utdy. Bu ýeňiş “Realyň” baş tälimçisi Karlo Ançelotti üçin şanly boldy, ol klubuň taryhynda gazanan kuboklarynyň sany boýunça Migel Munýos bilen deňleşdi – 14, diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.

Ikinji orny 11 kubok bilen Zinedin Zidan eýeleýär.
Toparyň kapitany, horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç bu ýeňşiň netijesinde 27 kubok bilen “Realyň” taryhynda iň köp titully oýunçy boldy. Bu görkeziji boýunça ikinji orunda 26 kubok bilen Daniel Karwahal we klubuň öňki kapitany Naço ýerleşýär.
Ançelotti “Reala” iki döwürde tälimçi boldy: 2013 – 2015-nji ýyllar we 2021-nji ýyldan häzirki wagta çenli. Bu döwürde ol 14 kubok, şol sanda iki Çempionlar ligasyny utdy. 2012-nji ýyldan bäri klub üçin oýnaýan Modriç bu ýeňişlerde esasy oýunçylaryň biri boldy.


düýn 13:51
8.4k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......