Toyota iň çydamly awtoulaglaryň reýtinginde öňdebaryjy: sanawda onuň 9 modeli bar

  • 15.08.2024 23:32
  • 15k+

iSeeCars.com hünärmenleriniň 402 milliondan gowrak awtomobil baradaky maglumatlaryň esasynda geçiren ylmy gözlegine görä, Toyota Tundra iň çydamly model boldy, onuň 400 000 km geçmek mümkinçiligi 36,6%-e deň.

Umuman, ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulaglar ýokary çydamlylygy görkezip, reýtingde ilkinji 30 orundan 16 orny eýelediler. Toyota sanawdaky modelleriň sany boýunça-da öňde barýar – reýtinge brendiň 9 modeli girdi.
Gözleg ortaça statistikaly awtomobiliň 400 000 km geçmäge 8,6% mümkinçiliginiň bardygyny, ýöne iň ýokary reýtingli modelleriň, Toyota-dan Tundra bilen Sequoia-nyň bu çägi geçmek mümkinçiliginiň dört esse ýokarydygyny görkezdi.
iSeeCars-yň ýerine ýetiriji analitigi Karl Braueriň pikiriçe, döwrebap awtomobiller has çydamly bolýarlar we reýtingdäki 30 modeliň bellenilen aralygy geçmek mümkinçiligi 12%-den 36%-e çenlidir.

“Köp sarp edijiler henizem awtomobiliň hyzmat ediş möhleti 160 000 kilometrde gutarýar diýip hasaplaýar. Ýöne biziň soňky uzak dowam eden gözlegimiz hatda 320 000 kilometriň hem köp awtomobil üçin çäk däldigini görkezdi” diýip, Brauer belleýär.

Iň çydamly awtomobiller:

  1. Toyota Tundra;
  2. Toyota Sequoia;
  3. Toyota 4Runner;
  4. Toyota Tacoma;
  5. Toyota Highlander Hybrid;
  6. Honda Ridgeline;
  7. Chevrolet Suburban;
  8. Toyota Avalon;
  9. Lexus GX;
  10. Chevrolet Silverado 1500;
  11. GMC Yukon XL;
  12. Chevrolet Tahoe;
  13. Honda Pilot;
  14. Honda Accord;
  15. GMC Sierra 1500;
  16. Ford F-150;
  17. Toyota Highlander;
  18. Nissan Titan;
  19. GMC Yukon;
  20. Honda CR-V;
  21. Toyota Camry;
  22. Ford Expedition;
  23. Honda Accord Hybrid;
  24. Nissan Pathfinder;
  25. Toyota Prius;
  26. Nissan Armada;
  27. Mazda CX-9;
  28. Acura MDX;
  29. Honda Odyssey;
  30. Ram 1500.

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......