Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida möhletinden öň wezipesinden gider

  • 15.08.2024 16:13
  • 9.3k+

Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida 14-nji awgustda geçirilen metbugat maslahatynda möhletinden öň wezipesinden gitmegi meýilleşdirýändigini we Liberal Demokratik Partiýanyň (LDP) lideri hökmünde ikinji möhlete dalaş etmejekdigini mälim etdi diýip, “Wedomosti” habar berýär.

Kisida bu kararyny partiýanyň meşhurlygynyň peselmegi sebäpli özgertmeleriň zerurlygy bilen düşündirdi.

“Raýatlara täze, üýtgedilen LDP-ni görkezmeli. Munuň üçin ilkinji ädim meniň işden gitmegim bolmalydyr"-diýip, Nikkei Asia portaly Kisidanyň sözlerini ýetirýär.

LDP we onuň tarapdarlary parlamentiň aşaky palatasyndaky 465 ornuň 290-syna gözegçilik edýärler. Häkimiýet başyndaky partiýa özüne täze lider saýlasa, ol awtomatiki ýagdaýda premýer-ministr bolar. Partiýanyň ýolbaşçysynyň saýlawlary şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriler. Ýurtdaky parlament saýlawlary 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna meýilleşdirildi.
Kisidanyň karary Ministrler Kabinetiniň reýtinginiň pese gaçmagy bilen ýüze çykdy. Nikkei-ň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçiren pikir soraşmasynda reýtingler 20%-den ýokary galmady, emma Kisida 2021-nji ýylda işe başlanda bu görkeziji 60%-den ýokarydy. Muňa täsir eden faktorlar partiýa gaznalarynyň dawasyny, dowamly inflýasiýany we ýapon ýenasynyň pese gaçmagyny öz içine alýar.
Ýerli metbugat öňki Goranmak ministri Sigeru Isibanyň premýer-ministr saýlawlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň ýokarydygyny nygtaýar. Bloomberg-iň berýän habaryna görä, Sanly ulgama geçiş ministri Kono Taro, Daşary işler ministri Ýoko Kamikawu we öňki premýer-ministr Dzýunitiro Koidzuminiň ogly Daşky gurşaw işleriniň öňki ministri Sindziro Koidzumi hem bu wezipä dalaş edýärler.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

26.03.2026 21:03
4.8k+

Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär....

24.03.2026 19:24
2k+

Türkmenistan Ýaponiýadaky «Green EXPO 2027 Yokohama» sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergi assosiasiýasynyň Baş sekretary Masato Komura bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...