Disney «Doňan ýürek 3» filminiň çykjak anyk senesini mälim etdi

  • 15.08.2024 14:21
  • 4.1k+

Walt Disney Pictures studiýasy "Doňan ýürek 3" multfilminiň çykjak resmi senesini yglan etdi. Multfilmiň görkezilişi 2027-nji ýylyň 24-nji noýabrynda bolar diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Elza bilen Annanyň başdan geçirmeleriniň dowamy baradaky gürrüňler baryp 2020-nji ýyldan bäri bardy, emma pandemiýa zerarly taslama soňa goýuldy. Geçen ýyl kompaniýa filmiň üçünji bölüminiň üstünde işleýändigini tassyklady.
"Doňan ýürek" (2013) we "Doňan ýürek 2" (2019) multfilmleri taryhda iň köp girdeji gazanan filmleriň hataryna girdi. Olaryň her biri 1 milliard dollardan gowrak gazandy.
Disney-yň ýolbaşçysy Bob Aýger şeýle hem studiýanyň "Gar Şazenany" ertekisiniň esasynda dördünji multfilmiň üstünde işleýändigini habar berdi.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......