Microsoft Paint 3D-niň goldawyny bes edýär we ony dükanlaryndan aýyrýar

  • 15.08.2024 13:58
  • 2.2k+

Microsoft Paint 3D goşundysynyň goldawyny bes eder we noýabr aýynda ony goşundylar dükanyndan aýrar. Ulanyjylara bu programmanyň ýakyn wagtda işlemegini bes etjekdigi barada habarnama gelip başlady.

Paint 3D 2017-nji ýylda Windows 10 Creators täzelenmesi bilen bile işe girizilipdi. Ol 3D-sungat işlerini döretmäge mümkinçilik berýärdi. Ulanyjylaryň oňyn seslenmesine garamazdan, bu goşundy köpçülikleýin meşhurlyk gazanyp bilmedi. Soňlugy bilen Paint 3D Windows gurnalanda standart goşundylaryň sanawyndan aýryldy.
Häzirki wagtda Paint 3D diňe Microsoft Store-de elýeterli. Dükandan aýrylandan soň, onuň mundan beýläkki ulanylyşyna kepillik berilmeýär. Microsoft ulanyjylara öz taslamalaryny saklap galmagy we 3D grafika bilen işlemek üçin başga programmalary gözlemegi maslahat berýär.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...