Stiwen Spilbergiň “Emeli aň” filmi 2000-nji ýyllaryň iň gowy filmi hökmünde saýlandy

  • 15.08.2024 12:03
  • 2.8k+

IndieWire onlaýn neşiri 2000-nji ýyllaryň iň gowy 100 filminiň sanawyny düzdi. Reýtingde birinji orny Stiwen Spilbergiň “Emeli aň” fantastiki dramasy eýeledi.

Film päk göwünli söýgini görkezmek üçin programmirlenen robotlaşdyrylan çaga Dewid (Heýli Joel Osment) barada gürrüň berýär. Maşgalasy ýüz öwrenden soň, Dewid köçe roboty Žigolo Jonyň (Jud Lou) kömegi bilen öz gelip çykyşyny anyklamak üçin howply syýahata ugraýar. Film 2001-nji ýylda çykdy we prokatda 235 mln dollar gazandy. Ol Braýan Oldissiň “Super oýunjaklar tutuş tomsa ýetýär” (Суперигрушек хватает на всё лето) hekaýasyna esaslanýar.
Redaktorlar bu filmi saýlamagyň sebäbini “Aňyň” aktuallygy, çünki onuň “döwre garamazdan söýgä” bagyşlanandygy bilen düşündirýärler.
IndieWire boýunça 2000-nji ýyllaryň iň gowy filmleriniň ilkinji onlugy:

  1. “Emeli aň” (Искусственный разум, Stiwen Spilberg)
  2. “Bir we iki” (Один и два, Edward Ýan)
  3. “Malholland-draýw (Малхолланд-драйв, Dewid Linç)
  4. “2046” (Wong Kar-Waý)
  5. “35 bulgur rom” (35 стопок рома, Kler Deni)
  6. “Nebit” (adynyň gönüden-göni terjimesi – “Gan bolsun”) (Нефть, Pol Tomas Anderson)
  7. “Anýes kenary” (Побережья Аньес, Anýes Warda)
  8. “Terjime kynçylyklary” (Трудности перевода, Sofiýa Koppola)
  9. “Galan wagt” (Оставшееся время, Elia Suleýman)
  10. “Ruhlar bilen äkidilen” (Унесенные призраками, Haýao Miýadzaki)

Şeýle-de, sanawa Spaýk Liniň “25-nji sagat”, Jafar Panahiniň “Ofsaýd”, Alfonso Kuaronyň “Adam çagasy”, Saý Minlýanyň “Aždarhanyň bukalgasy”, Lukresiýa Marteliň “Batgalyk” we Roý Andersonyň “Ikinji gatdaky aýdymlar” filmleri girdi.
Sanawda Piter Jeksonyň “Ýüzükleriň hökümdary”, Mişel Gondriniň “Arassa aňyň baky ýalkymy”, Çarli Kaufmanyň “Nýu-Ýork, Nýu-Ýork” filmleri, şeýle-de Riçard Linkleýteriň, Kristofer Nolanyň, Ues Andersonyň, Dewid Finçeriň, Kwentin Tarantinonyň, Jeýn Kempionyň, Baz Lurmanyň taslamalary bar.
Doly sanawy şu salgy boýunça görüp bilersiňiz.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......