Şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçiriler

  • 14.08.2024 15:56
  • 7.4k+

Şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Orient Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Pýotr Şukine salgylanyp habar berdi.

12-nji awgustda Awazada Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilen maslahatda eden çykyşynda, Şukin bu günki gün Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk üçin giň hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy. Ol öz içine dokuz sany hökümetara ylalaşyklaryny we beýanlaryny alýar. Goşmaça resminamalary işläp taýýarlamak we tassyklamak işleri dowam edýär.
Russiýanyň ilçihanasynyň wekili Ýewraziýada Hazar sebitiniň barha artýan baglanyşdyryjy ornuny we "Demirgazyk-Günorta'' ulag geçelgesiniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy institutlaşdyrmagyň, şol sanda Hazar geňeşini döretmegiň möhümligini belledi.
12-nji awgustda Hazar deňziniñ halkara güni bellenilip geçilýär. Hut şol gün 2006-njy ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) güýje girdi.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......