«Günorta Afrika hanymy» gözellik bäsleşiginde ilkinji gezek gulagy eşitmeýän zenan ýeňiji boldy

  • 14.08.2024 15:15
  • 20k+

28 ýaşly model we marketing boýunça menejer Mia le Ru "Günorta Afrika hanymy" adyny alan ilkinji eşitmeýän zenan boldy diýip, BBC habar berýär.

Minnetdarlyk sözünde le Ru gazanan ýeňşiniň özüni jemgyýetden üzülen duýýanlara "iň arzyly isleglerini" hasyl etmäge kömek etjekdigine umyt bildirdi. Ol şeýle hem maliýe taýdan üzňeleşdirilen we mümkinçiligi çäkli adamlara kömek etmäge meýillerini beýan etdi.

«Günorta Afrikadan eşitmeýän zenan bolanym üçin buýsanýan. Jemgyýetden üzňe bolmagyň neneňsidigine oňat düşünýän. Özümiň bu dünýä serhetleri aradan aýyrmak üçin gelendigime göz ýetirdim, men hut şeýle hem etdim" diýip, gözellik täjiniň eýesi aýtdy.

Le Ru bir ýaşynda wagty eşidişden mahrum bolupdyr. Oňa sesleri kabul etmäge kömek edýän kohlear implant oturdylypdyr. Logoped bilen iki ýyllap türgenleşikden soň, ol gürlemegi öwrenipdir.


düýn 13:03
5.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....