«Dedpul we Rosomaha» prokatdan eýýäm 1 mlrd dollar ýygnady: film rekorda barýar

  • 14.08.2024 15:01
  • 6.4k+

Raýan Reýnoldsyň we Hýu Jekmanyň baş rollarda çykyş eden "Dedpul we Rosomaha" filmi dünýä prokatynda eýýäm 1 milliard dollar ýygnady.

25-nji iýulda prokata çykan bu film iki ýarym hepdäniň içinde haýran galdyryjy netijäni görkezip, 2024-nji ýylda milliardlyk çägi geçen ikinji film boldy. Bu babatda öňdeligi heniz hem "Tapmaça 2" filmi eýeläp gelýär (1,5 milliard dollar).
«Dedpul we Rosomaha» "18+" ýaş kategoriýasynda taryhda iň girdejili film bolmaga tarap ynamly barýar. Munuň üçin oňa 1,074 mlrd dollar gazanan "Jokeri" geçmek galdy.
Filmiň sýužetine görä, Dedpul Marvel kinoälemini hem-de öz älemini halas etmek üçin ýola çykýar. Ýeňil bolmadyk bu işde oňa Rosomaha (Hýu Jekman) ýoldaş bolýar.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......