Jeýms Kemeron “Terminator” bilen bagly täze taslamanyň üstünde işleýär

  • 14.08.2024 11:55
  • 5.4k+

Kanadaly režissýor Jeýms Kemeron “Terminator” franşizasynda täze taslamanyň üstündäki işi barada habar berdi. Ol film barada The Hollywood Reporter žurnalyna gürrüň berdi.

Ýakynda “Terminatora” esaslanan anime çykmaly. Kemeron onuň özünde gyzyklanma döredýändigini belledi. Ol, mysal üçin,  “Terminator: Geljek ugrunda söweş” ýaly özi tarapyndan döredilmese-de, öz gürrüňlerine esaslanan taslamalara syn etmegi gowy görýändigini belläp geçdi.
Şeýle-de, Kemeron “Terminator” boýunça hususy taslamasyny işläp taýýarlaýandygyny aýtdy, ýöne onuň serial ýa-da film boljakdygyny aýdyňlaşdyrmady. Häzirki wagtda jikme-jik maglumatlar gizlin saklanýar.
Birinji “Terminator” filmi Kemeron tarapyndan 1984-nji ýylda çykaryldy, oňa Arnold Şwarsenegger, Linta Hemilton, Edward Ferlong we Maýkl Bin gatnaşdy.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......