“Owaz” radioýaýlymy bäsleşige gatnaşyp talyp bolmaga mümkinçilik berýär

  • 13.08.2024 15:18
  • 16k+

“Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň “Owaz” radioýaýlymy isleg bildirýänleri “Owazdan sowal” bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşikde ýaýlym arkaly diňleýjilere dürli ugurlar boýunça sowallar berlip, her sowala dogry jogap beren diňleýjiler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Hünär tehniki okuw mekdebiniň 1,5 ýyl okuwynda öz saýlan islendik hünärinde okamaga hukuk gazanar. Okuwy tamamlan her bir talyba Döwlet nusgasynda diplom berilýär.

Türkmenistanyň Mahabat müdirliginiň habar bermegine görä, bäsleşige islendik adam islendik ýerden ýaýlymda aýdyljak gysga belgä öz jogaplaryny ýollap gatnaşyp biler.
Sowallar 2024-nji ýylyň awgust aýynyň dowamynda her çarşenbe güni sagat 13:00-daky habarlardan soň, “Owaz” radioýaýlymynda  “Owazdan sowal” bäsleşiginde diňleýjilere ýetiriler.
Belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda “Iň gowy radio gepleşik” bäsleşigi hem dowam edýär. “Owazdan sowal” gepleşigi hem bu bäsleşige gatnaşýar. “Owazdan sowal” gepleşigine ses berip, goldamak isleýän diňleýjiler 0530 gysga belgä 24 san belgini ýazyp, sms ýollap, ses berip biler.
Ses berlişigiň netijelerini https://turkmentv.gov.tm/vote/21 saýtyndan yzarlap bilersiňiz.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......