Maýli Saýrus Disney baýragyna mynasyp boldy

  • 13.08.2024 14:24
  • 5.7k+

Geçen dynç günleri Kaliforniýa ştatynyň Anahaým şäherinde geçirilen D23 dabarasynda aýdymçy we aktrisa Maýli Saýrus Disney-iň rowaýata öwrülen şahsyýeti adyna eýe boldy. Ol 31 ýaşynda bu hormatly baýragyň iň ýaş eýesi boldy diýip, Variety habar berýär.

Disney-iň rowaýata öwrülen şahsyýeti ady kompaniýa uly täsirini ýetiren adamlara berilýär. Hanna Montana serialynda adybir gahrymanyň roly bilen belli bolan Maýli Saýrus 2005-nji ýylda Disney-de karýerasyna başlady. Ol özüniň geçen ýoly baradaky ýatlamalary bilen paýlaşyp, nädip birinji kastingden geçmändigi, ýöne ruhdan düşmän, öz arzuwyny hakykata öwrüp bilendigi barada ýatlap geçdi.

“Bu baýrak Hanna we onuň ajaýyp, wepaly muşdaklaryna, şeýle-de meniň arzuwymy hakykata öwren her bir adama bagyşlanýar” – diýip, Maýli Saýrus belledi.

Aýdymçydan başga-da, Disney-iň ösüşine uly goşant goşan hudožnikler, aktýorlar, ssenariýaçylar we režissýorlar, şol sanda režissýor Jeýms Kemeron (“Awatar”), aktýor Harrison Ford (“Indiana Jons we hrustal kelle süňküniň şalygy”), aktrisa Jeými Li Kertis (“Pyçak çykarmak”), aktýor we režissýor Frenk Oz (“Tapmaça 2”), ssenariýaçy Jeýms L.Bruks (“Simpsonlar”) bu baýragyň eýeleri boldy. 


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......