Efiopiýa Afrikada iň uly howa menzilini gurar: ol 100 mln ýolagça hyzmat edip biler

  • 13.08.2024 13:54
  • 6.8k+

Efiopiýa öz paýtagty Addis-Abebanyň golaýynda bahasy 6 mlrd dollar bolan Afrika yklymynda iň uly halkara howa menzilini gurmak kararyna geldi. Ol ýylda 100 mln ýolagça hyzmat edip biler diýip, Fana teleradiostansiýasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Täze howa menzili ýurduň paýtagtyndan 17 km uzaklykda ýerleşýän Bişoftu (Oromia sebiti) dynç alyş şäherinde gurlar. Toplumyň meýdany 35 inedördül kilometr bolup, gurluşygy bäş ýylyň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Afrikanyň iň uly we çalt ösýän awiakompaniýasy bolan Ethiopian Airlines täze howa menziliniň dizaýnyny işläp taýýarlamak üçin halkara konsalting topary DAR bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi. DAR ägirt uly gurluşyk üçin potratçylary saýlamak bilen hem meşgullanar.
Taslamanyň birinji tapgyry ýylda 60 mln ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlener, ikinji tapgyryň gurluşygy tamamlanandan soň hyzmat ediş mümkinçiligi 100 mln ýolagça çenli ýokarlanar. Ol ýerde birbada dört uçar gonup biler. 
Ethiopian Airlines-iň häzirki howa menzili – Bole ýylda 20 mln ýolagçy kabul edip bilýär.


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......